Russland führt einen schändlichen Krieg gegen die Ukraine.     Stehen Sie an der Seite der Ukraine!
Teilen
Schriftgröße
Originaltext

Türkmenistanym Liedtext

Ata watan, ene toprak
Parahat asmanda ýalkym saçýan güneşli nurum bar
Dillerimde sena watan
Belentde parlaýan ýaşyl baýdagym bar, ýaşyl tugum
 
Sen arkadaýanjym, gözde guwanjym meniň watanym!
 
Eziz Türkmenistanym, sen jigerimde janym
Bütün äleme dolsun seniň şöhratyň şanyň
Watanym göwün şadym, batlansyn ýene badyň
Gülle sen garaşsyz, bitarap Türkmenistan!
 
Arkadagyň, howandaryň
Yhlasyndan gülleýär meniň mukaddes topragym
Eziz diýar, jennet mekan
Watanym diýip urýar gursagymda meniň ýüregim
 
Sen arkadaýanjym, gözde guwanjym meniň watanym!
 
Eziz Türkmenistanym, sen jigerimde janym
Bütün äleme dolsun seniň şöhratyň şanyň
Watanym göwün şadym, batlansyn ýene badyň
Gülle sen garaşsyz, bitarap Türkmenistan!
 
Eziz watan, şöhrat şanyň, dünýä dolsun, gülle watanym!
 

 

Übersetzungen von „Türkmenistanym“
Transliteration #1, #2
Türkisch #1, #2
Myahri: Top 3
Kommentare