Russia is waging a disgraceful war on Ukraine.     Stand With Ukraine!

Watan nirden başlanýar lyrics

  • Artist: National Anthems & Patriotic Songs
Turkmen
Turkmen
A A

Watan nirden başlanýar

Eziz Watan şirin jandan ybarat
Damarda gaýnaýan gandan ybarat
Watan iň gadymy dini Türkmeniň
Eziz Watan mydam saňa ybadat
 
Türkmen Watan bilen diridir diri
Şu Watana eýläň mydam ybadat
Bäş müň ýyl, on müň ýyl, ýüz müň ýyl bäri
Yssysy dogadyr aýdyma saza
 
Türkmen Watan bilen diridir diri
Ölse Watan parçasyna öwrülýär
Watan Türkmenleriň kalbynyň nury
Oýlanýaryn Watan nirden başlanýar
 
Watan uzyn-gije kirpigin çalman
Serediň sak esgerinden başlanýar
Daňdan minarada şanya Allahiň
Çykýan azan seslerinden başlanýar
 
"Başlanýar pygamber sanyp atasyn,
Oguz Hanyň alty gercek oglundan.
Başlanýar dünýä deý uly Watanym
Atarman-çaparman huwundan-kowmundan.
Är yigitler eziz watanyň şiri
Niji ýyl oguzy doga deý saklan.
Her Türkmen Watanyň algyry, şiri,
Bäs gün gitseň gursagyňda ýer tapman.
Watan beýik geçmişden hem geljekden,
Asmandan, keremli ýerden başlanýar.
Watan ata çykan ýowuz gerçekden,
Togalanyp düşen serden başlanýar.
Pyragynyň böwendinden başlanýar,
Dandanakan söweşinden başlanýar.
Kyrk mesgende yalňyz sygryny soýlan,
Jygalybeg söweşinded başlanýar!"
 
Watan Türkmen namysyndan başlanýar
Göroglynyň namysyndan başlanýar
Ýat illerde Watan perýadyn çeken
Mysapyrlaň namysyndan başlanýar
 
Watan kasamymdan tylla gerbimden
Parlap duran baýdagymdan başlanýar
Garaşsyz bitarap beýik ýurdumda
Tutulýan toý-baýranymdan başlanýar
 
Synla, Watan öz edermen nesliňi
Olar togap eder dyza çökerler
Watan Türkmenleriň mukaddes ýeri
Dene Alla bardyr senden ýokarda
 
Türkmen Watan bilen diridir diri
 
Thanks!
Submitted by Joe Vladimirovich KurosawaJoe Vladimirovich Kurosawa on 2022-09-29

 

Comments
Read about music throughout history