Please help to translate "Haçandan bäri"

Share
Font size
Original

Haçandan bäri

Sen bilyänem dalsiň Seni öňden halaýan
Önden bäri sen men ýüregime ýarayaň
Utanyp söýgými saňa aýdyp bilmeýän
Sen nira ýöreseň menem şoňa ýöreyän
 
Ýalan sözleme men seni gowy tanaýan
Bir ýerde duranok seniň gözüň oýnaýa
A men bolsa ýeke gezmegi halaýan
Maňa biderek wagtyňy gidirýäň
 
Ýok beydiýmäýda maňa
Sözler üçin gelmedim ýanyňa
 
Menden jogap şol saňa
Meniň başym aýama
 
Telefonymda seň suratlaň diňe
Erk edip bilemok men özüme
Gaýtalaýar dilim ol bir zady
Seniň adyňy diňe Mähri
 
Haçandan bäri sen sözle
Haçandan bäri sen beýle
Öňden bäri men şeýle
Diňe sen ýüregimde
 
Haçandan bäri sen sözle
Şol bolşuňa bol üýtgeme
Öňden bäri men şeýle
Gijäňýary göz oňümde diňe sen
 
Salam Mähri gel tanaly (hello)
Maňa bor diýäý söz alşaly
Seni söýdüm men seni haladym(näme)
Soýgülim bar diýip meni näme uçin aldadyň(yeah)
Dört paslymyň bahary sen (aha)
Gündizimiň güni gije aýym sen(wauw)
Bedenimiň içinde janym sen (bah)
Bu owadan dunýäde taýym sen( oh no no)
 
Dur sen näme gurleýäň
Bolup durşyna daşyňdan özüm utanýan
Ýok sen diyeniň bolmaýa
Maňa sen biderek wagtyňy ýitirýäň
 
Telefonymda seň suratlaň diňe
Erk edip bilemok men özüme
Gaytalaýar dilim şol bir zady
Seniň adyňy diňe Mähri
 
Haçandan bäri sen sözle
Haçandan bäri sen beýle
Öňden bäri men şeýle
Diňe sen ýüregimde
 
Haçandan bäri sen sözle
Şol bolşuňa bol üýtgeme
Öňden bäri men şeýle
Gijäňýary göz oňümde diňe sen
 
Translation
 
Login or register to post translation
Comments