広告

Saparmyrat Nyýazow - Turkmenistanym

  • アーティスト: Saparmyrat Nyýazow ( Saparmyrat Nyýazow)
トルクメン語
A A

Turkmenistanym

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym,
Galkyn, ilim, Alla seni ýalkandyr!
Şan-şöhratyň dolup ýedi yklyma,
Beýik adyň bütin dünýä ýaýrandyr.
 
Diýarym sen, ata-baba mesgenim,
Arka-arka kowmum sende ýatandyr.
Ýaşyl tugum - ar-namysym, messebim,
Dünýäň külli türkmenine Watansyň!
 
Şypalydyr, sapalydyr daglarym,
Joşgyn derýalaryň aby-köwserdir.
Astyň - genji-känim, üstüň - hazynam!
Dagyň-daşyň, çölüň-düzüň göwherdir.
 
Mawy altyn, gara altyn, ak altyn,
Baý sen, baýlygyňa bereket bersin!
Abadan goýnuňda bagtyýar halkym
Baky baharyňda ýaşasyn erkin!
 
Dünýä dursyn, beýik diýarym dursun,
Ýaşyl tugum al asmanda pasyrda!
Eý, meniň owadan, nowjuwan ýurdum,
Bagtyýar ýaşa sen Altyn Asyrda!
 
Ir-iýmişiň, otuň-çöpüň dermandyr.
Tenekardyr, derde dowadyr howaň.
Türkmenistan - meniň seždegähimsiň,
Türkmenistan - adyň dilimde dogam.
 
日, 16/06/2019 - 20:43にAlexander FreiAlexander Freiさんによって投稿されました。
水, 19/06/2019 - 07:52にFloppylouFloppylouさんによって最終編集されました。
ありがとう!1回ありがとうと言われました

 

広告
ビデオ
コメント